Özbegistanly student Muhammetaziz Umrzakow ABŞ-nyň Braun uniwersitetinde synag döwründe bolan atyşykda wepat boldy. Ol Rod-Aýlendd şatatyndaky Braun uniwersitetiniň birinji kursunda okaýardy.
Özbegistanyň Daşary işler ministrligi özbek raýatynyň ölümi baradaky habary tassyklady we diplomatlaryň Umrzakowyň garyndaşlary bilen habarlaşýandygyny, amerikan derňewçileri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi.
Metbugat habarlarynda bir ýaragly erkegiň 13-nji dekabrda Prowidens şäherindäki Braun uniwersitetiniň fizika we inženerçilik binasynda iki adamy atyp öldürendigi, dokuz adamy ýaralandygy aýdylýar.
Wiskonsin ştatynda ýaşaýan, ABŞ goşunynda gulluk eden we mergen tälimini alan 24 ýaşly erkegiň tussag edilendigi habar berilýär.
Emma häkimiýetler soň onuň boşadylandygyny aýtdylar. Ştatyň baş prokurory alnan subutnamalaryň derňewiň ugruny üýtgedendigini habar berdi.