Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Trampyň Ukraina bilen Russiýadan "örän lapykeç” bolandygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "bu uruşdaky iki tarapdan hem örän lapykeç" diýip, Ak Tamyň metbugat sekretary Karolin Lewitt aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Tramp "duşuşyk hatyrasyna geçirilýän duşuşyklardan ýadady" we "indi oňa gürrüň gerek däl, oňa hereket gerek". “Bloomberg” bu habary Lewitiň aýdan sözlerine salgylanyp çap etdi.

ABŞ-nyň prezidenti biraz soň Ak Tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, Waşingtonyň Kiýew we Moskwa bilen ylalaşyga gelmäge golaý bolandygyny aýtdy:

"Men biz Orsýet bilen ylalaşyga gelmäge örän golaý diýip pikir edýärdim. Men biz Ukraina bilen ylalaşyga gelmäge örän golaý diýip pikir edýärdim. Hakykatda, prezident Zelenskiden başga, bu ylalaşygyň konsepsiýasy onuň adamlaryna ýaraýar".

Tramp parahatçylyk meýilnamasynyň "dört ýa-da bäş dürli bölekden" ybaratdygyny hem sözüne goşdy.

Wladimir Putin hem dekabr aýynyň başynda "India Today" neşirine beren interwýusynda bu barada gürrüň etdi.

Russiýanyň prezidenti 28 maddadan ybarat teklibiň aslynda üýtgewsiz diýen ýaly galandygyny, ýöne ABŞ-nyň ony dört sany aýry "bukja" bölmegi teklip edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG